Iýul aýynda bütün Angliýada bolup geçen pajygaly gozgalaňçylyraryň talaňçylygy hakynda belki-de eşidensiňiz. Angliýadan gözlegçi jurnalist (researcher journalist) Harriet Sergeant gozgalaňçylaryň biri bilen gijäň birwagty, goh-galmagalyň, talaňçylygyň ortasynda, köçäň ugrunda gysgaça gürrüňdeşlik geçirende Brixton/London'dan talaňçy (rioter)(бунтовщик) Mash şeýle diýýär: "Beýle pursat her wagt eliňe geçmeýär. Alyp bilen zadyňy alýaň, ýöne polisiýa saňa azar bermeýär. Döwran biziňki". Ol şeýle pikir etdi we talady, yöne bütün talaňçylar soňraky 1-2 hepdäň dowamynda tussag we sud edildiler. Hemme kişiniň kellesinde şu sorag bardy: "Näme üçin beýle boldy? Hatda ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalar hem talaýar. Hatda käbir çagalar ejeleri kakalary bilen bile gelip talaýarlar. Ejeler awtoulagda garaşýar. Çaga ogurlap gelýär we awtoulagly gaçyp gidýärler. Beýle talaňçylyga näme sebäb boldy?" Jurnalist Harriet käbir statistiki maglumatlar berýär: 14 ýaşyndaky ak işjeň synpyndan bolan oglanlaryň (white working class boys) we Caribbean gara oglanlaryň 63%-iniň okama ýaşy diňe 7 ýaşly çagaň ýaly ýa-da has hem pes. Bilim derejesi şeýle pes bolandygy sebäbli okuwda sapaklarda utanç duýýarlar we okuwy doly taşlaýarlar. Okuwa diňe neşe ýa-da şuňa meňzeş zatlar satmak üçin gidýärler. Ýene bir maglumat; Britanýada ene-atalaryň (aslynda diňe maşgala diýmek dogry bolarmyka diýýän. Maşgala konsepsiýasy biraz üýtgeşik bu Döwletde)49%-i gije wagty çagalarynyň nirede kimiň bilen näme edýänini bilenoklar. Käbir gözleglere görä tussaghanadakylaryň ýarysynyň okama ýaşy 11 ýaşly çaga ýaly. Bu çagalaryň köpüsü 13 ýyllyk Labor Party hökümeti wagtynda önüp ösen. 13 ýylyň dowamynda Labor Partynyň döreden 1.8 milýon täze iş orunlarynyň 99%-i hem Daşary Ýurtdan gelen işçilere gitdi. Munuň sebäbi hem Britanýanyň jemgyýetçilik sistemasy. Britanýanyň grajdany üçin käbir işleri etmek bilen gazanylan pul kömek puly (Benefit) bilen barabar. Şonuň üçin hem käbir adamlar işlemezligi saýlaýarlar. Işlemegiň getirýän peýdasy ýok. 1997-nji ýyldan bäri 2 çagaly ýeke ýaşaýan eneleriň (köpüsü aýrylyşan) işlemän alýan kömek pullary 85% artypdyp. Şeýle ýagdaýda önüp ösen çagalardan, ene-atalardan gaty bir haýyr-sahawat gelmezmikä diýýän. Siz näme pikir edýäňiz?
Kuraldyshy 13 years ago- Beyle yagdaya düşmekden biziñ watanymyz entäk uzakda yaly. Çagalar ene-ata, garyndaşlara däplerimize görä yokary derejede bagly galyarlar. Olaryñ beyle yagdaya düşmesi işsizlik bilen medya hem bagly. Saytlarda, köçe suratlarynda, kinolarda dürli mafiyalaryñ gahryman görkezilmesi işsiz, şu gününi yaşasa ertirini gaygy etmeyän yetginjeklere şol ugra ak pata beren yaly täsir edyär. Birem dini ynanjyñ roly uly. Elbet-de, bilimden öñürti terbiyäniñ âhmiyetiniñ has ulydygy düşnüklidir.