Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda. Giripdir düýşüme mojuk* bir ahwal: Bir äpet maşyn dur redaksiýada. Aşagynda bolsa – üç aýak stol. “Bu niçiksi maşyn?” Berdim men sowal. Diýdiler: “Goşgyny saýlaýan maşyn” Her anna gününde indiden beýläk Näçe goşgyň bolsa getirber, şahyr!” …Ynha ýetip geldi arzyly anna. Şahyrlar üýşüpdir uludan-kiçä. Nobatyň bir ujy – maşynyň ýanna, Beýleki bir ujy syganok köçä. Gara saçlymysyň, Ak saçlymysyň, Ýa-da saçlaryňdan ýaşy çal sepen Şahyrlar asuda garaşyp durlar. (Bularam asuda boljaklar eken). Nobatyň ýetdimi - gapagy göter. Naçe goşgyň bolsa – içine okla. Çilimiň otlada bäş minut garaş Onsoň oklan zatlaň täleýi hakda Özünüň pikirin aýdyp dur maşyn. Birin saga zyňýar, birini çepe. Saga giden – düşýär hapa ýaşşigne. Çepe giden – düşýär gös-göni çapa. Eýýäm bir dostumyň eli sandyrýar. Meniň bolsa eýýäm sandyrýar beýnim. Sandyrap başlady ýene bir dostum – Ýaş dostum – wah, seňki nämedi, inim! Seniň bar geljegiň öňüňde entek. Seniň maňlaýyňa ýazlypmy şygyr? Şahyrlyk bolmasa - ýene-de bir kär. Emma kyrk ýaşdan soň biz üçin agyr!.. Gelip dur ýigitler. Gelip dur gyzlar. Barha uzap barýar nobatyň yzy. Hanha, ajap bir gyz belläp dur nobat. Tanyş ol: TDU-nyň student gyzy. Gözleride ajap, ýüzi-de ajap. Alkymna nur saçýar köýnegniň nagşy. Ýöne alyp gelen goşgulary hem Özi ýaly ajap bolaýsa ýagşy. Ýogsa bu maşynda sylag-hormat ýok. Ýigitmiň, perimiň – bolaý sen her kim – Görküňe, boýuňa seredip däl-de, Şygryňa seredip kesýärdi höküm. Lenin baýragynyň laurýeatmyň, Pyragy baýragnyň laurýeatmyň, Halk şahyry diýen uly atlymyň, Ylymlar doktory, kandidatymyň – Seniň kimdigiňe bakanokdy ol, Bolsa-da egniňde her niçiksi çin, Ol hyzmat edip dur çin üçin däl- de, Ýalňyz, ajap, uly Poeziýa üçin. Goşgynyň yzyndan oklanýar goşgy Hordaň – saga gidýär, oňadyň – çepe. Çep tarapda diňe bäş sany kagyz, Sag tarapda eýýäm giden bir depe. Sandyrap başlady ýene bir dostum. A-how, töweregmiz gyz bilen gelin. Birden sandyrýanyň duýaýmasynlar Walla, kisäňe bir salsana eliň. Aýby ýok, gardaşym, şahyr bolmasak Goý, bolman geçeli. Ýöne weli biz Gyzlaň ýanynda bir beýdip durmaly. Edil polat ýaly bolsun elimiz… Men diýen şahyrlar ýaýkaşyp başyn, Gaýdyşyp barýarlar ýüzlerin sallap. Özlerem bilenok nirä barýanyn. Göýä polklaryndan azaşan soldat – Herisi öz polkun gözläp barýardy. Ne gykylyk bardy, ne-de bir gybat… GSM” işläp dur. Nobat ýöräp dur. Bir görsem ýetipdir Maňa-da nobat. “Geçiber, geçiber, geçiber uýam!” Nobatymy berdim yzdaky gelne. (Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men, Ýok gorkanym üçin etdim men şeýle). Ol gitdi. Ýene-de nobatym ýetdi. “Geçiberiň” diýdim yzdaky gyza. (Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men, Ýok, ýok gaçjak bolup çekildim yza). Emma gyz hiläme düşünen eken. “Howlugamok” diýip, ýylgyrdy hötjet. Öz-özüme diýdim: “Bar, gaçdyňam sen, Ykbalyňdan gaçyp sen nirä gitjek?” Pedalyň üstüne aýagym atdym. Ryçagy çekdim. Açyldy gapak. Bir papka goşgyny içine atdym. Hopugyp oýandym… Akmak men, akmak! Şo mahal oýanmak nämäňe gerek- Ýene bir minutjyk ýataýan bolsaň, Seniňem kimdigiň belli bolardy Belki, çyrşamaňy goýardyň onsoň :))

Köneler, Bahbit tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir