Salam yene agzalar iciniz gysmaz yaly taze mowzuk acayyn diydim Çaga terbiýesi, çagalara edep bermek mugallymlaryň, terbiýeçileriň hemişe üns merkezinde­dir. Çaga ilki ene-atasy, soňra mugallymy terbiýe berýär. Bu işe baş goşmakçy bolanyňyzda, ozaly bilen seresap bolmalydygy nygtalmaly. Çünki, bu iş örän jogapkärli iş bolup, ýadawsyz zähmeti talap edýär. Çaganyň ýanynda aýdyljak söz örän oýlanyp aýdylmaly. Her bir hereketiňe üns bermeli. Şonuň üçin hem söz gory gerek. Ol gory edinmek üçin köp okamak, köp diňlemek, köp zady bilmek gerek. Mugallym okuwçy bilen nähili aragatnaşykda bolmaly? Bu barada mugallymlar we hünärmenler şeýle pikirde: • Sapagy käýinçden, igençden başlamaň. Bir okuwça käýinseňiz, ol beýlekileriň keýpine ýara­maz täsir eder. Soň näçe çydalaşsaňyzam, täze sapak maksadyna yetmez. Sapagy keýpli başlamaga çalşyň! • Okuwça gahar edip, sesiňize bat bermäň, “gahar-kapyr” diýlenidir. Ol seniň terbiýeçilik mümkinçiligiň tamamlanandygynyň görkezijisidir. • Birmeňzeş manyda, äheňde sapak bermekden ägä boluň. Ol okuwçyny irizer. Munuň üçin dürli we üýtgeşik usullary ulanmaly. • Sapaklardaky öwüt-ündewleriňiz bilen öz hereketleriňiz hemişe deň gelsin.Ýogsa, “Okan na­mazyň ürküzen gurbagaňa degenok” diyleni bolar. Magtymgulynyň “Magtymguly, ilki özüň dü­zetgil; Özüňi sen özgelere göz etgil” diýmesi ýöne ýerden däldir. • Okuwçylara talabediji we geçirimli, özünize bolsa talabediji hem geçirimsiz boluň. • Synp – maşgala, mugallym maşgalabaşydyr. Her bir maşgala agzasynyn biri-biriniň ynamy­ny, duýgudaşlygyňy, goldawyňy duýup durmak üçin maşgalabaşynyň tagallasy zerurdyr. • “Başarmarsyň, bilmersiň” diyen sözler mugallymyň diline alynmaly däldir. Mugallym hemişe okuwçynyň göwnüni götermäge çalyşmalydyr. Göwni galkynýan çaganyň bolsa bitirmejek işi, ýetmejek menzili bolmaz. • Watana, il-güne bolan söýginiň düýbi maşgalada tutulýar, ony tükeniksizlige öwürmekde mu­gallymlara köp hyzmat degişlidir. • Çagalarda başlan işiniň ahyryna çenli bitirmek endigini terbiýeläň! • Okuwçynyň taýynlyksyz gelenini bilip, ondan soramak dogry däldir. Bu ýagdaýda göz arkaly sözleşip ýa-da beýleki çagalara bildirmezden, taýýarlyksyz gelmegiň gowy däldigini aýdyp, in­diki sapaga çenli puryja bermelidir. Beýle edilmegi onuň aýbyny duýup, tijenmegine ýardam eder. • Çaga zähmetini bahalandyrmakda sahylyk ediň. Çünki, ýokarlandyrylan baha berilýän okuw­çylarda soňabaka şol baha mynasyp bolmaga çalyşmak endigi ýüze çykýar. • Jemgyýet süýt bolsa, mugallym onuň gaýmagydyr. Gaýmagyň näderejede boljagy süýdüň hiline baglydyr. Hünärmenler ýokarda agzalanlary mugallymlara we çaga terbiýesi bilen meşgullanýan adam­lara maslahat berýärler. Bu agzalanlar dürli ýurtlarda geçirilen tejribeleriň netijesidir. “Her ça­ga ýeke-täkdir we aýratyndyr” diýen ýörelge olaryň her birine aýratyn çemeleşmek diýmek­dir. Bu bolsa çaga terbiýesi psihologiýasynyň iň esasy ýoludyr.

Köneler, sahett tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir