Käbirleriniň pikir edişi ýaly, «Çalt okalan wagty doly düşünip bolmaýar» diýmek dogry däldarow. Sebabimi? Sebabi, adamyň beýnisi bilen gözüniň arasyndaky arabaglanyşygynyň ýokary depgiňdaki hyzmatdaşlygy netijesiňde çalt okaýanlaryň okan zadyna düşünýändigi tassyklanyldy. Geçirilen barlaglar netijesiňde häzirki wagtda çalt we netijeli okamagy başarýan birnäçe adama duş gelnipdir. Meselem, ABŞ-nyň döwlet baştutanlaryndan Jon Kennedi miňutda 200 söz okaýan eken biler bolsanyz. Žargiýer Bergiýer ýaly adamlar bolsa 200-den gowrak sözi hem okamagy başarypdyrlar. Men pikirimçe «Iň gowy ylym okamakdyr» diýsek, ýalňyşmarys. Kitaby öndümsiz okamak endikleri. 1. Daşyňdan okamak Kitaby öndümsiz okamak iň erbet endikdirlerin biridigi subut edilen kitap okamak boyunça. Käbir okyjylar okan zatlaryna düşünmek üçin eşidiş organyndan kömek almalydyr öýdýärler. Şeýle ýagdaý-da göz öňe gidýärkä, ses hamala, olaryň yzyndan ylgap barýan ýaly bolýar. Ýöne şeýle ýagdaýda many hem çylşyrymlaşýar elwetde. Kawagt endik başlangyç synplardaky sesli okamakdan galyp bilýär. Onsoň çylşyrymly we giň manyly kitaplara duşan okyjylar kitabyň manysyna düşünmek üçiň sesli okap başlaýar. Ýöne bu endigiň okan zadyna düşünmegi kynlaşdyrýandygy barada oýlanýan az. 2. Setirleri barmak ýa-da galam ujy bilen yzarlap okamak Iň peýdasyz endikleriň biri hem setirleri bir zat bilen yzarlamakdyr meň pıkırımçe. Bu gözüň hereketiňi çäklendirýär bolmaly. Öndümli okamakda bol¬sa, iň esasy zat gözüň ýetýän ýerinden doly peýdalanmakdyr we sözleri bölek-bölek okamak. Şeýtmek bilen adamlar gözüň bir wagtyň özünde görmegi hem aňy herekete getirmegi ýaly iň oňat aýratynlykdan peýdalanýar. 3. Yza dönmek «Okan her bir sözlemiňi ýatdan çykarmaly däl» diýen düşünje okyjyny ýygy-ýygydan yza gidip, öňki okan ýerini täzeden okamagyna we artykmaç wagt ýitirmegine eltýär. Çylşyrymly bölümleri täzeden okamak onçakly erbet endik bolmasa-da , bu ýagdaýy köp gaýtalamak okamagyň gyzygyny gaçyrýar. 4. Hemme eserleri şol bir çaltlykda okamak Eserleriň çylşyrymlylygyna, ähmiýetine görä tizligi sazlamak oňat endikli okyjynyň aýratynlygydyr. Köp adamlar ýönekeýje zatlary hem şol bir öwrenişen tizliginde okamagy dowam edýär. Şeýle ýagdaýdan dessine dynmak artykmaç wagt sarp etmegiň öňüni alýar. 5. Yzygiderli okamazlyk Diňe bir okamaga mejbur bolýan wagtymyzda, ýagny synaglara taýýarlanmak üçin däl-de, eýsem hemişe okamaly. Galyberse-de, okamak gün tertibiňde belli bir orny almaly. Eger-de öz käriňizde yzagalak bolasyňyz gelýän bolsa ýa-da bilýän gowy zatlaryňyzy ýakynlarymyza aýdyp bermek islemeýän bolsak, onda kän bir okap ýörmesek hem bolar. Eger-de ýaňky aýdylanlaryň tersini isleýän bolsak, onda yzygiderli oka¬magy endik etmeli. Kitap okalanda ünsüňi bölmejek bolmaly. Dostlarymyz her hili oýunlar edip, ünsümizi bölüp biler. Şeýle ýagdaýlarda olaryň göwnüne degmez ýaly edip, öňünden duýduryň. Gözüň çeýeligi çalt okamagyň aýratynlyklaryndan biridir. Bu bolsa, diliňi çeperleşdirýär. Şonuň üçiň boş wagtymyzda çeper eserleri köp okamalydyrys. Çalt oka¬mak dünýädaki ähli adamlara gerekdir.

Köneler, Broker tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir