«Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 18 uçuş amala aşyryp başlar. Bu barada awiakompaniýa habar berdi. Tertip 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji martyna çenli hereket eder. Her tarapa her gün iki uçuş amala aşyrylýar. Stambuldan TK322 belgili uçuş (sagat 21:15-de ugraýar, Aşgabada 02:55-de gelýär) we TK324 belgili uçuş (01:55-de ugraýar, 07:40-da gelýär) uçýar. Aşgabatdan bolsa TK323 (04:15-de ugraýar, Stambula 06:30-da barýar) we TK325 (09:00-da ugraýar, 11:10-da gelýär) ugraýar. Şeýle hem duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde uçuşlaryň üçünji tapgyry amala aşyrylýar. TK320 Stambuldan sagat 14:25-de ugraýar we Aşgabada 20:10-da gelýär, TK321 bolsa Aşgabatdan 21:30-da ugraýar we Stambula 23:45-de barýar. Bu uçuşlar 2027-nji ýylyň 26-njy martyna çenli hereket eder. Uçuşlaryň ugraýan we gelýän wagty ýerli wagt bilen görkezilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→