Erkin döredijilik mekanynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýewiň ömür-döredijiligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ony Türkmen döwlet neşirýat gullugy, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher Geňeşi bilelikde gurady. Çärä ýurduň döredijilik, medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän tanymal adamlar, žurnalistler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan Kowusowa Hudaýberdi Diwangulyýewiň «Göwher ýüzüklije gelin» atly eserinden parça okap berdi. «Nebit-gaz» gazetiniň uly habarçysy Alkgül Sapaowa, «Nesil» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Leýli Gurbanowa, «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Aşyrmät Garlyýew, ýazyjynyň gyzy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gunça Diwangulyýewa, «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň jogapkär kätibi Gurban Myradow çykyşlarynda halypa ýazyjynyň döredijiligine giňişleýin edebi seljerme berdiler. Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazaraow joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→