Ozal habar berşimiz ýaly, 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni ýurtda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini, türkmen alabaýynyň merdana türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidenti hem-de Gahryman Arkadagy şanly sene mynasybetli gutladylar. Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi.