Prezident raýat awiasiýasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy tabşyrdy. Bu baradaky degişli tabşyryk şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annaýewe berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň raýat awiasiýasy pudagynda halkara kadalaryna laýyk gelýän döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we halkara howa menzillerinde döredilen häzirki zaman şertler dürli daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýär we hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Ýurduň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmakda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabty diňläp, ýurduň raýat awiasiýasy pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de halkara kadalaryna laýyk gelýän döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany ýurduň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.