Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Liderini Tatarystan Respublikasynyň adyndan hem-de hut öz adyndan türkmen tarapynyň işjeň gatnaşmagy hem-de goldaw bermegi bilen, myhmansöýer Türkmenbaşy şäherinde «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigiň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. «Bäsleşigi guraýjylaryň ünsi we hemmetaraplaýyn goldawy bu çäräni halkara derejedäki ajaýyp waka öwürmäge mümkinçilik berdi. Jemleýji çärelere Russiýa Federasiýasynyň sebitlerinden we birnäçe daşary ýurt döwletlerinden gelen tatar halkynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň türkmen topragynda myhmansöýerlik bilen kabul edilmegi üçin ähli şertler döredildi. Türkmen halkynyň tatar halkynyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa hem-de uly hormat goýýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistanda şeýle möhüm taslamanyň geçirilmegi doganlyk halklarymyzyň berk dostluk gatnaşyklarynyň we gadymdan gelýän ruhy ýakynlygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Dünýäniň köp ýurtlaryndan bu waka baradaky oňyn seslenmeleriň gelmegi dowam edýär, bu bolsa bäsleşigiň halkara derejede ykrar edilendiginiň aýdyň güwäsidir. Ýeňiji diýen ada Özbegistan Respublikasyna wekilçilik eden Amina Mahmudowa mynasyp boldy. Munuň özi taslamanyň dürli ýurtlardaky tatarlary umumy medeni däpler we gymmatlyklar esasynda birleşdirýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Türkmenistanda guralan bäsleşigiň medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýurtlarymyzyň ýaşaýjylarynyň arasyndaky dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip, Tatarystanyň Baştutanynyň hatynda bellenilýär. Minnihanow hatynyň ahyrynda «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigi geçirmäge ýakyndan ýardam berendigi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin ýene-de bir gezek türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa durnuklylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.