Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hindi dili mugallymy wezipesine işe kabul edýändigini yglan etdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi bildirişinde habar berilýär. Bu wezipä Türkmenistanyň raýatlary dalaş edip bilerler. Saýlanan dalaşgär bilen bir ýyllyk zähmet şertnamasy baglaşylar. Dalaşgär hindi dilini we edebiýatyny çuňňur bilmeli, türkmen we rus dillerinde erkin geplemegi başarmaly. Şeýle hem kompýuter programmalaryny, hususan-da, MS Word, Excel we PowerPoint programmalaryny ulanmak başarnygy talap edilýär. Hindi dilini okatmak boýunça azyndan iki ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy makullanýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin arza, terjimehal (CV), pasportyň nusgasy we bilim baradaky resminamalar Halkara işewürlik merkeziniň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň adyna iberilmelidir. Resminamalary şu salgy boýunça iberip bolýar: Aşgabat şäheri, Ý. Emre köçesi, jaý 1, Parahat 2/1, 80-nji poçta gutusy, 744017. Şeýle hem resminamalar hoc.ashgabat@mea.gov.in elektron poçta salgysyna iberilip bilner. Arzalar 2026-njy ýylyň 2-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→