Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa milli kanunçylygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletiň halkara resminamalaryna goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň «Ilaty durmuş taýdan goramak», «Administratiw hukuk bozulmalary hakynda» kodekslerine, şeýle hem «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetler hakynda» hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutany ýurduň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, şeýle hem kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürlediler. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→