Türkmenistanda standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk ösdüriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda bu ulgamy kämilleşdirmek we bu ugurda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de döwrebap standartlary giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da artdyrmak maksady bilen wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebap standartlary giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.