«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Munuň özi içerki we daşarky sarp edijileri tebigy gaz bilen yzygiderli üpjün etmäge ýardam berýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de degişli resminama gol çekip, wise-premýere bu ugurda işleri geçirmegi tabşyrdy. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→