Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu foruma daşary ýurt kompaniýalary, ýerli hususy kärhanalar, şeýle hem ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary gatnaşarlar. Forumyň çäklerinde ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara sergi we maslahat ýurduň gurluşyk, senagat, energetika we himiýa pudaklarynda, şeýle hem ýol gurluşygynda dünýäniň döwrebap tehnikalary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, ozal ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, hem-de täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergisine we maslahatyna gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→