Türkmenistanyň dokma kärhanalary Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisine gatnaşar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Sergide Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli dokma kärhanalarynda öndürilýän eksport ugurly önümler bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Serginiň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynda geçiriljek halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanylan teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.