Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyny geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň birnäçe teatr toparlarynyň ýurda gelmegine garaşylýar. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň teatrlarynda ýurduň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça iş maslahatynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda milli teatr sungatyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→