Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu halkara çärelere degişli halkara guramalardan we birnäçe döwletden wekilleriň, şol sanda hyzmatdaş ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň, şeýle hem ýurduň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu halkara çäreleriň geçirilmegi ýurduň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary tanyşdyrmakda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Türkmenistanyň Prezidenti hasabty diňläp, döwletiň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna hem-de sebitara forumyna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→