«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometr bolan «Aşgabat – Daşoguz» awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→