Iýunda 80 ýaşy dolan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüni gartaşan adam hasaplamaýandygyny aýtdy, onuň çykyşy «C-Span» portalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» habar berdi. «Men garry däl, ýok, ýaşym 40-dan geçdi. Men özümi şeýle-de (kyrk ýaşymdaky ýaly) duýýaryn» diýip, Tramp aýtdy. Tramp akyl ukyplary boýunça eýýäm üç gezek lukmançylyk barlagyndan geçendigini aýdyp, Prezidentlige dalaşgärleriň her biriniň şeýle barlagdan geçmelidigini sözüniň üstüne goşdy.