Günorta Afrikada ýaşaýan Koral Hart edebi lakamly ýazyjy zenan soňky 20 aýda 371 kitabyny çap etdirdi, olary emeli aňyň kömegi bilen ýazdy diýip, ýerli EWN radioýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi. 2025-nji ýylyň fewralynda Hart emeli aňyň kömegi bilen kitap ýazmaga başlady. Ondan öň 14 ýyl neşirýatda işledi we nusgawy usulda birnäçe çagalar kitaplaryny ýazdy. Hart EA-nyň ýardamy bilen kitaplarynyň şu ýyl bir milliondan gowrak nusgalygyny satyp, 1 million dollar girdeji gazandy. Ýazyjy zenana emeli aňyň birnäçe nusgalaryny ele almak üçin üç aý töweregi wagt gerek boldy, netijede, ol doly göwrümli kitaplary tiz generirlemäge ukyply öz ulgamyny döretdi. Hart ýordumy, stili, gahrymanlaryň keşbiniň jikme-jikliklerini we baplaryň maksatnamasyny özüniň düzýändigi aýdýar. Täze romany ýazmak üçin oňa bary-ýogy 45 minut ýeterlik bolýar. Hartyň romanlarynyň biri «Amazon» platformasynyň 100 sany gowy kitaplarynyň sanawyna girdi. Ýazyjy, esasan, söýgi hakyndaky romanlary döredýär. Olar sanly, çap we audiogörnüşlerde çykýar. Ýazyjy zenan özüni işewürlik edebiýatda täze eýýamyň düýbüni tutujy hasaplaýar. Ol häzir EA ulanýan awtorlar üçin «Authorythm» diýen täze programma üpjünçiligini işe goýbermäge taýýarlanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→