Ýewropa-Ortaýer seýsmologik merkezi (EMSC) Hytaýyň günbataryndaky Tibet özbaşdak etrabynda güýji 7,1 bala deň bolan ýertitremäni hasaba aldy. Bu barada «MIR 24» habar berdi. Seýsmiki işjeňlik ýerli wagt bilen sagat 14:33-de hasaba alyndy. Onuň merkezi Nagçu şäher okrugyndan 200 kilometr demirgazyk-gündogarda ýerleşdi. Ýerasty sarsgynlaryň bolan ýeriniň golaýynda 30 müň töweregi adam ýaşaýan ilatly nokat ýerleşýär. «Rg.ru» saýty Hytaýyň «Sinhua» agentligine salgylanyp, ýertitremede 16 adamyň pida bolandygyny habar berdi. 32 adamyň ýaralanandygy, olaryň 11-siniň agyr ýagdaýdadygy aýdylýar. 300-den gowrak öý ýykyldy. Halas ediş işleri alnyp barylýar. Öz gezeginde «khovar.tj» agentligi Hytaýyň Merkezi telewideniýesine salgylanyp, tebigy betbagtçylykda heläk bolanlaryň sanynyň 46 adama ýetendigini habar berdi.