2026-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 16 milliard 275 million 645 müň manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň «Bank habarlary» elektron žurnalynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, ýanwar — iýul aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 13 milliard 8 million 641 müň 787 manada ýetdi. «Elektron-söwda» ulgamlary arkaly 2 milliard 526 million 93 müň 419 manatdan gowrak, «Mobil bank» ulgamy arkaly 71 million 137 müň 526 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy. Bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 451 million 896 müň 529 manatdan geçdi. Şeýle hem «Internet bank» ulgamy arkaly 6 million 768 müň 195 manat nagt däl hasaplaşyklar geçirildi.