Bu ýyl Ýewropada jokrama yssyda azyndan 50 müň adam pida boldy. Alymlar 850 sany ýewropa şäherleriniň statistiki hasabatlaryny seljerip, şeýle netijä geldiler. Hünärmenler eger obalardaky ýagdaý hasaba alynsa, hakyky sanyň has köp bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Alymlaryň sözlerine görä, geçen tomus öňki ölümlilik rekordlaryndan geçip, şu asyrda iň agyr möwsüm boldy. Şunda ölümleriň üçden ikä golaýynyň howanyň üýtgemegi bilen baglydygy nygtalýar. Öň «World Weather Attribution» klimat başlangyjy yklymyň köp ýurdunda hasaba alnan temperatura rekordlarynyň meteorologik synlamalaryň taryhynda ilkinji gezek iň ýokary derejä ýetendigini habar berdi. Ýewropanyň «Copernicus» gullugynyň habaryna laýyklykda, geçen iýul aýynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň birgideninde howa kadadan 3-5 gradus gyzdy.