Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda täze binalar we desgalar toplumynyň toý bagyny kesdi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, esger naharhanasyndan, esger ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, päsgelçilik ýodasyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda harby gullukçylar üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleri göz öňünde tutulypdyr. Soňra döwlet Baştutany täze binalar we desgalar toplumy bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin jemi 96 hojalyga niýetlenen her biri 48 öýli, 2 gatly 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, şeýle hem sadaka jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Şeýlelikde, täze harby bölümiň binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentiň asylly başlangyçlary bilen şöhratlanýan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→