Özbegistanyň Andijan şäherinde Türki döwletleriň muzeý ýolbaşçylarynyň V duşuşygy geçirildi. Oňa Gazagystandan, Türkiýeden, Azarbeýjandan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan gelen muzeý ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada uza.uz saýty habar berýär. Maslahatda türki halklaryň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, milli gymmatlyklary we däp-dessurlary giňden wagyz etmek, muzeýleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de taraplar muzeýleriň işini kämilleşdirmek, özara tejribe alyşmak, muzeý gaznalaryny baýlaşdyrmak hem-de seýrek duş gelýän ekspozisiýalary giň köpçülige görkezmek barada pikir alyşdylar. Maslahatyň jemleri boýunça 2027-nji ýylda Türki döwletleriň muzeý ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyny hem-de TÜRKSOÝ-yň muzeýler bileleşiginiň döwürleýin ýygnagyny Türkiýede geçirmek baradaky çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→