Ýaponiýanyň galyndylary dolandyrmak we gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen «ADL» hem-de «Nippon Koei» kompaniýalarynyň hünärmenlerinden ybarat topar Aşgabada geldi. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar berilýär. Ýaponiýadan galyndylary gaýtadan işlemek boýunça hünärmenler Aşgabada geldi Hünärmenler we ilçihananyň wekilleri Aşgabat şäheriniň galyndylary soňky gezek ýerleşdirilýän poligonyna baryp, şäherde emele gelýän galyndylaryň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdylar. Saparyň esasy maksady Ýaponiýanyň galyndylary dolandyrmak boýunça tejribesine esaslanýan zibilleri aýry-aýry görnüşlere bölmek we gaýtadan işlemek ulgamynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Ýaponiýadan galyndylary gaýtadan işlemek boýunça hünärmenler Aşgabada geldi Ýaponiýada galyndylar görnüşleri boýunça berk tertipde aýry-aýry toparlara bölünýär. Olary dogry sortlamak arkaly köp sanly galyndylary gaýtadan peýdalanmak mümkin bolýar. Bu bolsa galyndylaryň umumy möçberini azaltmaga ýardam edýär we iri şäherlerde daşky gurşawy goramagyň netijeli çözgütleriniň biri bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→