Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygy Oleg Kononenko we «Roskosmosyň» kosmonawty Aleksandr Grebýonkin HKS-76 ätiýaçlyk ekipažynyň düzüminde älem giňişligine uçuşa taýýarlyk görýärler. Oleg Kononenko ätiýaçlyk ekipažynyň serkerdesi wezipesine bellenildi. Taýýarlyk işleri açyk älem giňişligine çykmak boýunça türgenleşikleri, şol sanda Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň gidrologik barlaghanasynda geçirilýän okuwlary öz içine alýar. Ýakynda kosmonawtlar şol ýerde türgenleşikleriň nobatdaky tapgyryny tamamladylar. Häzirki tapgyrda kosmonawtlar açyk älem giňişligine çykylýan wagty ýerine ýetirilýän adaty amallar boýunça türgenleşikleri geçýärler. Olaryň hatarynda şlýuz bölümindäki çykalga gapysyny açmak we ýapmak, Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) daşky ýüzündäki tutawaçlaryň ugrunda hereket etmek, dürli ölçegdäki we agramdaky enjam toplumlaryny daşamak, peýdaly ýükleriň adapterleri bilen işlemek, kabelleri çekmek we elektrik birikdirijilerini birikdirmek ýaly işler bar. Maksatly amallary ýerine ýetirmek boýunça türgenleşikler bolsa soňrak geçiriler. Soňky türgenleşigiň esasy maksady uzakdan dolandyrylýan ERA manipulýator enjamy bilen işlemegi öwrenmek boldy. Bu robotlaşdyrylan manipulýator enjamy kosmonawtlara HKS-nyň Russiýa degişli böleginiň daşynda işleri ýerine ýetirmäge we enjamlary bir ýerden başga ýere geçirmäge kömek edýär. «Biz manipulýatoryň gidromaketine çenli baryp, onuň goly boýunça hereket etmeli, operator üçin niýetlenen göçme iş ýerine geçmeli we ERA enjamy bilen baglanyşykly ähli zerur hereketleri ýerine ýetirmelidiris» — diýip, Oleg Kononenko gürrüň berýär. Mundan başga-da, kosmonawtlar açyk älem giňişliginde işlenýän mahaly öňünden göz öňünde tutulan adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ýerine ýetirilmeli hereketler boýunça hem türgenleşik işlerini geçirýärler. Oleg Kononenko Türkmenistanda doglan kosmonawtdyr. Ol 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) dünýä indi we şol şäherdäki 15-nji orta mekdebi tapawutlanan bahalar bilen tamamlady. Kosmonawtyň bitiren hyzmatlary Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen bellenildi. Ol 2009-njy ýylda «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni bilen sylaglandy. Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan türkmen halkyna birnäçe gezek ýüzlenme bilen çykyş etdi. Şeýle hem ol älem giňişliginden Aşgabadyň gijeki görnüşlerini surata düşürdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→