Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Gyzylaýak» taryhy-medeni ýadygärliginde barlag işleri geçirildi. Gazuw-barlag işleri ýadygärligiň Erk galasynyň üstünden 5x5 inedördül metr giňişliginde başlanylyp, 1,4 sm çuňlukdan üsti açylan pola çenli ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Gyzylaýak galasynda geçirilen gazuw-barlag işleriniň esasy maksady Amyderýanyň orta akymyndaky I — IV asyrlara degişli oturymly ilatyň maddy medeniýetini, kuşanlylar döwründe emele gelen oturymly obalaryň medeniýetini öwrenmekden, ozalky çarwa medeniýetiniň kämilleşmegine Parfiýa şadöwletiniň ýetiren täsirini ýüze çykarmakdan, toplanan maglumatlary seljermekden we ylmy dolanyşyga girizmekden ybarat boldy. Parfiýanyň gündogar sebitlerini öwrenmek we ýüze çykarmak üçin Gyzylaýak galasy Amyderýanyň çep kenarynda Grek — Baktriýa döwletiniň çägine ýakyn ýerleşen iň ygtybarly saklanyp galan ýadygärlikdir. Bu ýadygärlik biziň günlerimize ägirt uly depe görnüşinde gelip ýetipdir. Ol öz döwründe beýik platformanyň — emeli depäniň üstünde esaslandyrylan, derýadan geçmek üçin örän amatly ýerde ýerleşen toplumdyr. Bu gala Parfiýa döwründe derýanyň üstünden hereket eden kerwenleriň gatnawlaryna we şol sebite gözegçilik üçin esaslandyrylan ägirt uly mesgeniň galyndysydyr. Galanyň düzümi, esasan, iki bölekden, içki erkgaladan we şähristandan ybarat bolupdyr. Erkgalanyň ýerden umumy beýikligi 10 — 15 metre barabar bolup, ol özboluşly emeli depäniň üstünde bina edilipdir. Inedördül görnüşdäki galanyň daşyndan içine suw goýbermek üçin uly bolmadyk garym gazylypdyr. Gala ilatynyň ýaşan ýeri bolan şähristan onuň günorta tarapynda ýerleşipdir. Ýadygärligiň şähristanynyň medeni gatlagy, Gyzylaýak galasynyň erkgalasy bilen deňeşdirilende, beýle bir uly däl. Geçirilen gazuw-barlag işlerinde ol ýerden keramiki gaplaryň döwükleri, diwarlaryň galyndylary ýüze çykaryldy. Bu ýerde ýaşaýşyň, takmynan, ösen Parfiýa döwründe, biziň eýýamymyzyň I asyrynda kemala gelip, yzygiderli ýagdaýlara görä, V-VI asyrlara çenli dowam edendigi anyklandy. Gazuw-barlag işlerinde 20x20x4, 21x22x4, 25x26x4.5, 28x28x5, 32x32x6 sm ölçeginde taýýarlanylan bişen kerpiçler bilen düşelen poluň üstünden baryldy. 120 — 140 sm çuňlukdan bir sany mis teňňäniň galyndysy, orta asyrlara degişli mis käse, daşy we içi syrçalanan şemdan, daş tarapyna suw tolkunlary çekilen uly humuň bölekleri, iki sany biri-birinden tapawutly degirmen daşlarynyň galyndysy, dört aýagynyň we kelle böleginiň döwlendigine garamazdan, at heýkeljigi we başga-da hojalykda ulanylan köp sanly gaplaryň bölekleri ýüze çykaryldy. Gazuw-barlag işleriniň dowamynda küle öwrülip giden, emma biri-biriniň üstünde atanaklaýyn goýlandygy anyklanylan çybyk üýşmeginiň içinden ýüze çykan pile bölejigi alymlarda uly gyzyklanma döretdi. Gazuw meýdançasynyň çäginden dürli görnüşli bişen kerpiçleriň ýüze çykarylmagy bu ýerde öz döwründe ajaýyp binagärligiň bolandygyna şaýatlyk edýär.