Çigildem we syýaguş Täjigistanyň milli gülleri boldy, bu barada degişli Karara Respublikanyň Prezidenti Emomali Rahmon gol çekdi. Hökümete bu ösümlikleri wagyz etmek, şeýle hem olary ýurduň içindäki we halkara derejeli çärelerde tanyşdyrmak tabşyryldy diýip, «MIR 24» ýazýar. Resminama düşündirişde çözgüdiň taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, tebigaty goramak hem-de raýatlaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak, şeýle hem täjik halkynyň milli özboluşlylygyny berkitmek maksady bilen kabul edilendigi bellenýär. Gülleriň ikisi-de täjik edebiýatynda we medeniýetinde giňden ýaýramak bilen, Nowruz baýramy hem-de baharyň garşy alynmagy bilen baglydyr. Çigildem halkyň mertebesini, gözelligi we ýurduň tebigatynyň gülleýşini alamatlandyrsa, syýaguş beýik pars-täjik şahyry Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama» poemasynyň gahrymany Siýawuş baradaky rowaýat bilen baglydyr. Çigildemleriň gülleýşini bellemek däbi häzirki zaman Täjigistanynda giňden ýaýrandyr, her aprelde ýurtda baýram ýa-da saýri läle diýen at bilen çäre guralýar. Ýurduň ýaşýjylarydyr myhmanlary şol gün çigildemli meýdanlary synlap, bahary garşy alýarlar.