Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Hoşgeldi Şahberdiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan şahsy sergi açyldy. Bary-ýogy 40 ýyl ömür sürendigine garamazdan ol örän baý döredijilik mirasyny — 2 500-den gowrak sungat eserini galdyrdy. Şeýle-de kärdeşleriniň, dost-ýarlarynyň we onuň bilen tanyş bolmak bagty miýesser eden ähli adamlaryň ýüreginde öçmejek ýatlamalary galdyrdy. Türkmen suratkeşi Hoşgeldi Şahberdiýew: parlak zehin, gysga ömür we baky miras «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, suratkeş zehinli maşgaladan gelip çykýar. Onuň kakasy Hally Şahberdiýew türkmen edebiýatynyň we teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biridir. Doganoglany, meşhur aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewa sowet we türkmen wokal sungatynyň taryhynda mynasyp orun eýeläpdi. Daýzasy Bibinyýaz Ahmedowa bolsa «Ýok bolsun galyň!» atly çeper halyny döretmek bilen meşhurlyk gazanypdyr. Hoşgeldi çagalykdan ýanyndan galamyny we depderçesini aýyrmandyr. Daş-töwereginde gören zatlarynyň ählisini kagyza geçiripdir. Ýöne onuň iň esasy aýratynlygy adamlaryň kalbyndaky ýagşy häsiýetleri görüp bilmek ukyby bolupdyr. Ol biri bilen söhbetdeş bolanda, şol adamyň özünde-de duýmaýan köp sanly gowy taraplaryny ýüze çykarypdyr. Şonuň üçin onuň bilen söhbetdeşlik adamlara ruhy güýç berip, özlerine bolan ynamyny artdyrypdyr. Hut şu aýratynlygy hem adamlary oňa çekipdir. Hoşgeldi bilen tanyş bolanlaryň ählisi ony örän gowy görüpdir. Türkmen suratkeşi Hoşgeldi Şahberdiýew: parlak zehin, gysga ömür we baky miras Ýürek bilen bagly ýarawsyzlygy sebäpli suratkeş Moskwada okuwyny dowam etdirip bilmändir. Şeýle-de bolsa, onuň Moskwada köp sanly dostlary galypdyr. Grafiki işleriniň biri Tretýakow galereýasy tarapyndan satyn alnypdyr. Suratkeş aradan çykandan soň, onuň mazaryna aktýor Wladimir Konkin barypdyr. Hoşgeldiň ejesiniň elinden tutup duran aktýor gynanç gözýaşlaryny saklap bilmändir. Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hoşgeldiň Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesinde bir toparda okan kärdeşi Möjek Çaryýew şeýle ýatlaýar: «Ýadyma düşýär, mugallym bize küýzäniň suratyny çekmegi tabşyrypdy. Talyp ýoldaşlarymyzyň ählisi ony öwredilişi ýaly, adaty görnüşde şekillendirdi. Diňe Şahberdiýew küýzäniň birneme kese duran şekilini çekýär. Şonda biziň çeken suratlarymyza «dörtlük» baha, oňa bolsa «bäşlik» baha goýupdylar. Uçilişşäni tamamlandan soň, ikimiz Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutyna okuwa girmek hakynda arzuw edýärdik. Onuň gyşyk çeken suratlaryna garamazdan, ony dessine kabul etdiler, men bolsa diňe indiki ýyl girmek miýesser etdi. Moskwanyň gyşy günorta respublikalardan gelen talyplar üçin hakyky synag boldy. Men sintetiki palto geýip, sowukdan tas doňupdym. Şonda Hoşgeldi maňa possun sowgat etdi. Ol hem sintetiki matadan tikilendi, emma näme üçindir örän ýylydy. Ony toparda okaýanlaryň ählisi gowy görýärdi. Türkmen suratkeşi Hoşgeldi Şahberdiýew: parlak zehin, gysga ömür we baky miras Ol adamlary özüne çekmegi başarýardy. Ýöne iň haýran galdyryjy zat, onuň adaty bolmadyk duýgurlyk ukybynyň bolmagydy. Mysal üçin, bir gezek köçede nätanyş bir gyza ýüzlenip, onuň razylygy bilen pasport maglumatlaryny aýdyp beripdi. Ol muny biziň gözümiziň öňünde etdi. Şeýle ýagdaýlar birnäçe gezek gaýtalandy. Onuň muny nähili başarýandygyna hiç düşünip bilmeýärdik». Türkmen suratkeşi Hoşgeldi Şahberdiýew: parlak zehin, gysga ömür we baky miras Türkmenistanyň halk suratkeşi Baba Owganow hem Hoşgeldi Şahberdiýew hakynda öz ýatlamalaryny paýlaşýar: «Hoşgeldi Şahberdiýew adatdan daşary adamdy. Öňki döwürlerde onuň ýaly adamlar, belki-de, derwüşler, dünýäden üzňe ýaşaýan takwa kişiler, başgaça aýdylanda, keramatly adamlar bolupdyr. Ol biziň hatda düýşümize-de girmejek zatlary başaryp bilýärdi. Mysal üçin, Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynda nakgaşlyk sungatynyň görnükli wekili Dmitriý Žilinskiý sapak berýärdi. Mugallym şeýle bir talapkärdi welin, talyplar oňa artykmaç seretmäge-de çekinýärdiler. Hoşgeldi bolsa onuň bilen dostana gatnaşyk saklaýardy. Onuň muny nähili başarýandygyna düşünmek kyndy, ýöne ol Moskwanyň sungat işgärleriniň dar we saýlantgy toparyna girmegi başarypdy. Ony hemme ýerde höwes bilen garşylaýardylar. Mundan başga-da, Hoşgeldiň haýran galdyryjy ukyplary bardy. Ol kimiň nirede doglandygyny ýalňyşsyz aýdyp bilýärdi! Onuň garyndaşlarynyň Hoşgeldiň 2 500-e golaý eserini Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýine tabşyrandygyny eşidenleriň köpüsi haýran galdy. Adam 40 ýylyň içinde nädip şonça eser döredip bilýär? Ýöne onuň Hoşgeldi Şahberdiýewdigini unutmaly däl. Ol islän zadyny başaryp bilýärdi!» Hoşgeldi Şahberdiýewiň gysga ömri, baý döredijiligi we özboluşly şahsyýeti türkmen sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň eserleri we ony tanaýan adamlaryň ýatlamalary zehinli suratkeşiň mirasynyň geljekki nesiller üçin hem gymmatly bolup galjakdygyna şaýatlyk edýär.