Hytaýyň bazarynda adaty bolmadyk üç tekerli elektrik awtoulagy peýda boldy, ol «Telufu GT5» kysymly trisikldir. Bu barada «Gazeta.ru» habar berdi. «Telufu GT5» — özboluşly gurluşly elektrik trisikl bolup, onuň iki tekeri öňde, ýene bir has uluragy yzda ýerleşýär. Ulagyň adaty usulda açylýan iki gapysy, daşynda iki sany çyrasy hem-de giň alynky aýnasy bar. Ulagyň öň tarapynda sürüji üçin niýetlenen bir orun bar. «Telufu GT5» ulagy 10 güýçli elektrik motory bilen enjamlaşdyrylyp, sagatda 70 kilometr tizlikde hereket edip bilýär. Ulaga adaty elektrik dürtgüç arkaly güýç berip bolýar. Doly güýç bermek takmynan 8 sagat dowam edýär. Habarda ulagy Şandun ülkesiniň Lini şäherindäki kompaniýanyň öndürýändigi bellenýär. Hytaýda we Braziliýada bu ulagyň bahasy 360 müň rus rubluna deňdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→