Kanadada geçen şäher geňeşine saýlawlarda Rojers diýen dalaşgär ýeňiş gazandy, ol saýlaw maksatnamasyny «Näme edýändigime özümem düşünip baramok» diýen şygar bilen beýan etdi diýip, «news.by» ýazýar. Dalaşgär saýlawçylara syýasaty halamaýandygyny, öz geljekki borçlaryna düşünmeýändigini hem-de wezipede işlemäge düýbünden ukypsyzdygyny açyk aýtdy. Onuň «Bar maksadym – kärende töleglerimi ýapmak üçin çäre gözleýärin» diýen şygary hemmeleriň göwnünden turdy. Haýran galaýmaly, Rojers aldy-da, şäher geňeşine saýlawlarda ýeňiş gazanyp, kürsüniň eýesi boldy. Netijede, bu waka boş wadalardan ýadan kanadalylaryň hiç zat etmekçi däldigini mertlerçe boýun alan islendik adama häkimiýeti bermäge taýýardygyny subut etdi.