«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara maslahatyna gatnaşýan «APCO» kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça başlygy Jon Defterios Türkmenistanyň täze eksport bazarlaryny özleşdirmek üçin amatly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy. Onuň baha bermegine görä, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durmagy, şeýle hem iri kompaniýalar we döwletler bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bu ugurda möhüm artykmaçlyklary üpjün edýär. Öň «CNN» teleýaýlymynda ösüp barýan bazarlar boýunça redaktor we energetika boýunça habarçy bolup işlän Jon Defterios «OGT-2026» maslahatyna ilkinji gezek gatnaşýar. Muňa garamazdan, onuň aýtmagyna görä, ol Merkezi Aziýa we sebitiň dünýä bazarlary bilen gatnaşyklary barada ýeterlik derejede habarly. Ol Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň 20, 25 we hatda 30 ýyl bäri dowam edip gelýändigini belledi. Bilermeniň sözlerine görä, maslahatyň dowamyndaTürkiýäniň we Ýewropanyň gaz merkeziniň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň ösüşi barada gürrüň berdiler. Defteriosyň pikirine görä, alnyp barylýan işler we ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde ýurt häzirki wagtda öz ösüşiniň «bagtly pursadyny» başdan geçirýär. Ol forumyň esasy meseleleriniň hatarynda gaz eksportyny giňeltmekde halkara hyzmatdaşlygyň we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini, şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşini görkezdi. Defterios Türkmenistanyň häzirki zaman infrastrukturasyna we bilimli ýaş ilatyna aýratyn üns çekdi. Onuň bellemegine görä, bu mümkinçilikler ýurduň baý gaz gorlary bilen utgaşyp, Türkmenistan üçin geljekki dört-bäş onýyllygyň dowamynda uly ösüş mümkinçiliklerini açýar. Bilermen «OGT» maslahatynyň 31 ýyllygy mynasybetli guramaçylary hem gutlady. Ol strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, esasy eksport bazarlary we tebigy baýlyklara daýanýan ykdysady ösüş meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylyşynyň ýokary derejesine mynasyp baha berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→