21-22-nji oktýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyna we onuň hususy pudak üçin ähmiýetine bagyşlanan iki günlik okuw maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Aziýa ösüş banky (AÖB) guradylar. Maslahata döwlet edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň kärhanalarynyň wekilleri, şeýle hem halkara hünärmenler gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady işewürlik bileleşigine BSG-ä girmek boýunça gepleşikleriň barşy, agzalyk bilen bagly mümkinçilikler hem-de kynçylyklar barada maglumat bermekden we döwlet bilen işewürligiň arasynda gepleşikleri ýola goýmakdan ybaratdyr. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri BSG-ä girmäge taýýarlyk görmegiň telekeçileriň işjeň gatnaşmagyny talap edýändigini belläp geçdiler. Olaryň sözlerine görä, bu tapgyr milli söwda ulgamyny we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýerli kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksporty giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga, şeýle hem ýurduň uzakmöhletleýin durnukly ösüşine ýardam berip biler. AÖB-niň wekiliýetine Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň sebit hyzmatdaşlygy we integrasiýasy boýunça sebit ýolbaşçysy Asad Alim ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem wekiliýetiň düzümine Howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş departamentiniň sebit hyzmatdaşlygy, integrasiýa we söwda bölüminiň uly hünärmeni Julian Klark hem-de Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň sebit hyzmatdaşlygy boýunça uly hünärmeni Doroteýa Lazaro girdiler. Maslahata gatnaşmak üçin AÖB halkara hünärmenleri çekdi. Ilçi Žanar Aýtžan BSG-ä goşulmak ýoluny geçen Gazagystanyň tejribesi barada gürrüň berdi. Halkara söwda hukugy ugrundaky hünärmenler Paolo Wergano we Fabio Artuzo bu temanyň esasy ugurlaryny hödürlediler. Maslahat pikir alyşma görnüşinde geçdi: gatnaşyjylar sorag berip, öz garaýyşlaryny bildirdiler hem-de türkmen kärhanalarynyň duş gelýän meseleleri barada gürrüň etdiler. Olaryň arasynda daşary ýurt bazarlaryna çykmak, önümleri halkara standartlaryna we kadalaryna laýyk getirmek hem-de bäsdeşligiň güýçlenmegine taýýarlanmak bar. Milli kärhanalaryň eksport mümkinçilikleri barada aýratyn durlup geçildi: gatnaşyjylar önümleriň hilini ýokarlandyrmak, halkara bazarlarynyň talaplaryny berjaý etmek we hususy pudagyň eýeleýän ornuny berkitmek barada gürrüň etdiler. Tükmenistanyň telekeçileri BSG-ä girmek şertleri bilen tanyşdyryldy Ministrligiň wekilleri milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we geljekki gepleşikler üçin çemeleşmeleri işläp düzmekde telekeçileriň pikiriniň örän ähmiýetlidigini nygtadylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça BSG-ä girmäge üstünlikli taýýarlanmagyň döwlet edaralarynyň we işewürligiň yzygiderli hyzmatdaşlygyny talap edýändigi barada netijä gelindi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→