Indoneziýanyň Bali adasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit edarasy ýerli ýaşaýjylary guraklyk howpy sebäpli suwy tygşytly peýdalanmaga çagyrdy diýip, «ria.ru» habar berdi. «Gurak möwsümde ätiýaçlyk çäresi hökmünde suwy tygşytly ulanyň» diýlip, edaranyň habarnamasynda bellenýär. Duýduryş 21-31-nji oktýabr aralygynda hereket edýär. Adanyň etraplarynyň birgideninde meteorologik guraklygyň dürli howply derejesi yglan edildi. Ýaşaýjylara şeýle hem zibili we ösümlikleri ýakmazlyk, çilimi öçürip taşlamak, öýden gitmezden öň elektrik enjamlary dürtgüçlerden aýyrmak we dini däp-dessur otlaryny söndürmek maslahat berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→