Türkmenistanyň wekiliýeti 21-22-nji oktýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş» atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy. Türkmenistan wekiliýeti Samarkantda geçirilen Bütindünýä sammitine gatnaşdy Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, sammit Özbegistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş sekretarynyň çagalara garşy zorluk meseleleri boýunça ýörite wekili, ÝUNISEF, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Bütindünýä Banky bilen bilelikde gurnaldy. Oňa dünýäniň 100-den gowrak döwletinden wekiller gatnaşdylar. Sammitiň maksatnamasy açylyş we plenar mejlisleri, 3 sany ugurdaş sessiýalary, Çaga onkologiýasy boýunça ikinji halkara maslahaty, şeýle-de beýleki degişli çäreleri we tanyşdyrylyş gezelençleri öz içine aldy. Sammit çagalaryň goraglylygy, durmuş üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim we irki ösüş ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň hem-de halkara tejribeleri alyşmagyň möhüm meýdançasyna öwrüldi. Çagalaryň saglygy barada edilýän aladalar, olara berilýän lukmançylyk ýardamlarynyň hilini gowulandyrmak, bu ugurda goýulýan maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, çagalaryň erkin bilim almagy, olaryň durmuş goraglylygy baradaky garaýyşlar edilen çykyşlaryň esasyny düzdi. Sammitiň çäklerinde «Dünýä çaganyň garaýşy bilen» atly sergi hem gurnaldy. Sergi 13 sany tematiki bölümlerden we interaktiw zolaklardan ybarat bolup, ol enäniň we çaganyň saglygy, olaryň irki ösüşi, bilim we özbaşdak durmuşa taýýarlamak baradaky maglumatlaryň ulgamyny bir ýere jemledi. Bütindünýä sammitiň netijeleri boýunça Samarkant Jarnamasy kabul edildi.