2-nji noýabrda sagat 17:00-da Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda merkezinde Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy ilkinji sammitiniň geçirilmegine bagyşlanan «Koreý medeniýetiniň hepdeligi — 2026» çäresi açylar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar berilýär. Çärä gatnaşyjylara koreý medeniýetine bagyşlanan dürli çäreler we tanyşdyryş meýdançalary hödürlener. Olaryň hatarynda: Koreýanyň bäş şäheriniň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän pawilýonlar; Patyşa Sejong institutynyň we GKS maksatnamasynyň diwarlyklary — koreý dilini öwrenmek we Koreýada bilim almak baradaky maglumatlar; Koreýanyň däp bolan milli oýunlaryna (tuho, çegiçhagi, ttakjiçhigi) bagyşlanan zolak we ussatlyk sapaklary bar. Ähli şäherleriň pawilýonlaryna aýlanyp görenlere koreý süýjülikleriniň toplumy sowgat berler. Şeýle hem çärä gelýänlere serginlediji içgiler we koreý süýjülikleri hödürlener. Çärä gatnaşmak hemmeler üçin açykdyr. Ol söwda merkeziniň nolunjy gatynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→