Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 20-21-nji oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen Halkara goragy boýunça sebitleýin halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu çäre sebitde bosgunlaryň halkara goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa amallaryny dolandyrmak we raýatsyzlygyň soňuna çykmak baradaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldyn diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berilýär. Halkara okuw maslahaty Merkezi Aziýa döwletleriniň we halkara guramalaryň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Bellenilişi ýaly, okuw meýilnamasynyň gün tertibi ählumumy we sebit derejesindäki migrasiýa syýasaty çygryndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine aldy. Geçirilen sapaklaryň dowamynda gaçybatalga bermegiň hukuk binýadyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň iş ugurlaryny öwrenmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem okuw maslahatynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň milli kanunçylyklarynyň aýratynlyklary we bosgun statusyny kesgitlemegiň amallary seljerildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→