Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň çäginde guralan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Azerbaýjanda zenanlar telekeçiligi: ykdysady integrasiýa, täze mümkinçilikler we durnukly sebit hyzmatdaşlygy» atly onlaýn biznes foruma gatnaşdylar. Bu barada uza.uz saýty habar berýär. Çärede sebit döwletleriniň parlamentleriniň, Söwda-senagat edaralarynyň, maliýe institutlarynyň hem-de işewürlik düzümleriniň wekilleri zenanlar telekeçiligini goldamak, maliýe serişdelerinden netijeli peýdalanmak we täze bazarlara çykmak, bilelikdäki taslamalar, önümçilik we söwda kooperasiýasy hem-de uzakmöhletli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Forumyň jemleri boýunça telekeçi zenanlaryň arasynda 9 sany ähtnama, 2 sany ylalaşyk we 7 sany şertnama baglaşmak barada ylalaşyldy diýlip, habarda bellenilýär. Bu resminamalara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň çäginde şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek çärede gol çekilmegi meýilleşdirilýär.