Ýagynlar Fransiýanyň günorta etraplarynda yzyny kesmän ýagýar. Şol sanda Prowans-Alplar-Göm-gök Kenar sebiti hem ýagyşdan ejir çekdi diýip, «news.by» habar berýär. Käbir etraplarda demir ýol gatnawlary bozuldy, käbir ýerlerde sil joşgunlary döredi. Harasat bilen ugurdaş tizligi sagatda 80 kilometrden hem geçýän güýçli şemal öwüsýär. Departamentleriň birgideninde howplulygyň mämişi derejesi yglan edildi.