Kanadanyň Albertiň ülkesiniň ýaşaýjylarynyň köpüsi sebitiň ýurduň düzüminde galmagyny goldap ses berdi. Düýn bolan sala salşygyň deslapky jemleri muňa güwä geçýär diýip, «The Guardian» habar berdi. Kanadanyň gazylyp alynýan baýlyklara, esasan hem, nebite baý bolan bu ülkesiniň özbaşdaklygyny goldap, 23 göterimden gowrak adam çykyş etdi, saýlawçylaryň 76 göterimi onuň ýurduň düzüminde galmagynyň tarapdary boldy. «Guardian» ses berlişigiň jemleriniň Kanadanyň Hökümet başlygy we ýurduň bitewüliginiň tarapdarlary üçin ýeňiş bolandygyny habar berdi. Ülkäniň garaşsyzlygy ugrunda amerikan häkimiýetleri we Donald Trampyň özi çykyş edýärdi.