22-nji noýabrda Aşgabat şäherinde «Melody Orchestra» orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Paris mon amour» atly konsert geçiriler. Konsert agşam sagat 19:00-da «Watan» kino-konsert merkezinde başlanar. Konsertiň maksatnamasyna Edit Piaf, Şarl Aznawur, Jo Dassen, Lara Fabýan, Garu, Indila we Barbara Prawi ýaly meşhur fransuz aýdymçylaryň repertuaryndan aýdymlar girizildi. Bu eserler orkestriň janly ýerine ýetirmeginde ýaňlanar. Konsert üçin ýerleriň sany çäklidir. Biletleri öňünden sargyt etmek we goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 62-82-28-27, +993 61-18-60-49. Orkestriň sosial ulgamdaky sahypasy: @melody_orchestra_ashgabat.