Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň adatdan daşary ýagdaýlar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin forumy geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada uza.uz saýty habar berýär. Forum adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak hem-de döwletleriň serhetüsti häsiýete eýe bolan adatdan daşary ýagdaýlara bilelikde garşy çykmaga taýýarlygyny ýokarlandyrmak pudagyndaky sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guraldy. Çärä Merkezi Aziýa döwletleri bilen bir hatarda, ilkinji gezek synçy hökmünde Azerbaýjanyň Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdy. Forumyň birinji gününde sebitara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna bagyşlanan mejlisler geçirildi. Olarda şäherleriň tebigy betbagtçylyklara we howa üýtgemeleriniň töwekgelçiliklerine bolan durnuklylygyny ýokarlandyrmak, seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek, serhetüsti suw serişdelerini howpsuz dolandyrmak mümkinçiligini berkitmek, şeýle hem sil we suw joşgunlarynyň töwekgelçiligini azaltmak meseleleri maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda özbegistanly, gazagystanly, täjigistanly, gyrgyzystanly we türkmenistanly hünärmenler sebitiň döwletleriniň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary hödürlediler. Forumyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletlerinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak meselelerindäki hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→