Şu gün Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we gurnamaklarynda «Ene – tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Döwlet çeperçilik akademiýasynda guralan serginiň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, şu günki çärä gatnaşýan myhmanlara bu ähmiýetli çärä gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de halkara serginiň ähmiýeti barada belläp geçdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa öz çykyşynda bu sungat sergisiniň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine we bu ugurda täze başlangyçlaryň hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň ýol açjakdygyna ynam bildirdi. Soňra dabaraly ýagdaýda we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda halkara sungat sergisiniň toý bagy kesildi. Şeýle hem şu gün giň möçberli halkara çäresi Türkmen halysynyň milli muzeýinde dowam etdi.