Indoneziýanyň Hökümeti ýurduň käbir ýerlerinde möwç alýan tokaý ýangynlaryna dahyllylygy üçin 32 kompaniýany jezalandyrmak kararyna geldi. Bu barada Indoneziýanyň Tokaý hojalygy ministrligine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Habarda bu kompaniýalaryň 19-synyň rugsatnamasynyň ýatyrylandygy bellenýär. «Antara» agentligi Tokaý kanunçylygyny berjaý etmek meseleleri boýunça ministrligiň ýolbaşçysy Dwi Januanto Nugrohonyň: «Olar 9 546,42 gektar ýanan tokaýyň ekoulgamyny dikeltmäge borçly edildi» diýen sözlerini getirýär. Ýangynlaryň 2 müň gektar tokaýlyklary ýok edendigi habarda bellenýär.