«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlady. OGT 2026 atly XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýän çäre 23-nji oktýabra çenli dowam eder. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, foruma gatnaşmak üçin 75 ýurtdan 450 kompaniýanyň wekili bolan 1 700 delegat hasaba alyndy. Çäre «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» şygary astynda geçirilýär. Serginiň maksatnamasy nebitgaz pudagyna, häzirki zaman tehnologiýalaryna we halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine bagyşlanýar. Forumyň esasy ugurlarynyň hatarynda ýataklary özleşdirmek, uglewodorodlary gaýtadan işlemek, infrastrukturany ösdürmek we tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak bar. OGT 2026-nyň hyzmatdaşlarynyň we hemaýatkärleriniň arasynda SOCAR, Dragon Oil, CNPC, PETRONAS, SLB, Petrofac, Sinopec we Baker Hughes kompaniýalary bar. Serginiň tehnologik böleginde A.L.I. — Artificial Learning Intelligence ady bilen tanyşdyrylýan Unitree G1 kysymly adam şekilli robot hem görkezilýär. Sergi bilen bir hatarda, OGT 2026-nyň maksatnamasynda maslahat mejlisleri, tanyşdyryşlar we işewür duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Olarda Türkmenistanyň ileri tutulýan nebitgaz taslamalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, sanlylaşdyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→