Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Döwlet protokoly gullugynyň başlygy Gagik Wanoýany Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçiren metbugat maslahatyndan soňra işden boşatdy. Bu barada çözgüt Ermenistanyň Hökümetiniň saýtynda çap edildi diýip, TASS habar berdi. Ermeni neşirlerine belli bolşy ýaly, wezipäni 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri eýeläp gelýän protokolyň başlygynyň işden gitmegine 17-nji oktýabrda metbugat üçin beýanatyň barşynda goýberilen ýalňyşlyk sebäp boldy. Şonda Paşinýan Žaparowa ýüzlenende, ony Gazagystanyň Prezidenti diýip atlandyrdy.