20-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde meşhur türkmen arheolog alymy, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri Hemra Ýusupowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan ylmy duşuşyk geçirildi. Çäräniň esasy maksady alymyň Türkmenistanyň arheologiýa ylmynyň ösüşine goşan goşandyny açyp görkezmek, şeýle hem ýaş nesilde milli taryhy-medeni mirasa bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ybarat boldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Meşhur arheolog Hemra Ýusubowyň doglan gününe bagyşlanyp ylmy duşuşyk geçirildi Duşuşyga uniwersitetiň taryh fakultetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Hemra Ýusupowyň ömür ýoly, ylmy döredijiligi, Türkmenistanyň arheologiýa ylmynyň ösüşine goşan goşandy, gadymy Horezmiň we Uzboý sebitiniň taryhy-arheologik ýadygärliklerini öwrenmekde bitiren işleri barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem alymyň halypalyk mekdebine, ýaş nesli ylmy gözleglere höweslendirmekdäki hyzmatlary aýdyldy. Çäräniň dowamynda alymyň terjimehalyny we ylmy mirasyny açyp görkezýän prezentasiýa görkezildi. Gatnaşyjylar Hemra Ýusupowyň ylmy mirasynyň türkmen taryhyny we medeni mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.