«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümleri taýýarlanylýar. Döwrebap kärhanada 2026-njy ýylyň geçen dokuz aýynda polipropileniň 40 müň 617 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Kärhana boýunça ýylyň diňe geçen sentýabr aýynda 1 müň 610 tonna polipropilen zireleri öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Önümçilik kuwwaty bir ýylda 90 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bolan desgada oturdylan enjamlaryň ählisi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde işleriň ählisi awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylyp, öndürilýän önümiň hiline we berkligine aýratyn üns berilýär. Ýokary hilli polipropilen önümine daşarky bazarlar bilen birlikde, içerki bazarlarda hem isleg barha ýokarlanýar. Bu islegli önümi satyn alýanlaryň agramly böleginiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarydyr.