Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon öz resmi kabulhanasynda – Duşenbe şäheriniň merkezindäki Millet köşgünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza ýurtlarynyň Hökümet başlyklarynyň geňeşine gatnaşmak üçin gelen wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Guramanyň ýurtlarynyň Premýer-ministrleri Milletler köşgünde täjik lideri bilen ýadygärlik surata düşdüler diýip, TASS habar berdi. Giňişleýin düzümdäki pikir alyşmalara synçy ýurtlaryň wekilleri: Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, ykdysady ösüş ministri Žadambyn Enhbaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow, şeýle hem guramanyň beýleki düzümleriniň ýolbaşçylary goşuldylar diýip, «MIR 24» ýazýar. Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleri gurama agza ýurtlaryň arasynda ykdysady goşulyşmaklygy çuňlaşdyrmak we Ösüş bankyny döretmek barada boldy.